Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň XXVIII ýyllygy mynasybetli „Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar“ atly serginiň çäklerinde söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Bitaraplyk diýen beýik düşünje häzirki we geljekki nesilleriň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini aňladýar.