Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň XXVIII ýyllygy mynasybetli „Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar“ atly serginiň çäklerinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby “ Miras” teleýaýlymynyň „Medeni-miras“ gepleşiginiň alyp baryjysy Aýnabat Mämmedorazowa , söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň baş hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa, esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa şeýle-de muzeýiň esasy hünärmeni Maýa Babanyýazowa gatnaşdylar. Öňdebarjy zenanlar ýurdumuzyň ösüşleri Baky Bitarap Watanymyzyň baý taryhy, milli medeni mirasymyz Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda täsirli söhbetler etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň zenan kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.