Sergi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Bitaraplyk diýen beýik düşünje häzirki we geljekki nesilleriň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini aňladýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň XXVIII ýyllygy mynasybetli „Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar“ atly sergi gurnalyp halk köpçüligine hödürlendi. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypalarynyň we talyplarynyň ýerine ýetiren eserleri şeýle-de amaly-haşam sungatynyň ussatlary D. Muhammedowanyň, M. Ataýewanyň, A. Taganowyň, G. Babaýewanyň döreden ajaýyp eserleri sergilendi. Halkymyz Bitarap Watanymyzyň halkara abraýny belende göterýän, döwli döwrana ýetiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa