Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular bilen bir hatarda gelin-gyzlara bagyşlap döreden ajaýyp şygyrlary aýratyn orun eýeleýär. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir. Magtymguly« Janyna degmez», «Durasyň geler» ýaly goşgularynda zenanlaryň asylly, mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edipdir.
Magtymguly Pyragy adamzada söz mülküniň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Magtymguly atamyz umumy adamzat şahyry bolmak bilen bir hatarda şahryň şygyrlary dünýä halklarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň has-da dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.