Berkarar döwlet islärin atly söhbetdeşlik.

Magtymguly Pyragy adamzada söz mülküniň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Magtymguly atamyz umumy adamzat şahyry bolmak bilen bir hatarda şahryň şygyrlary dünýä halklarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň has-da dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda «Berkarar döwlet islärin» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň «Altyn asyr» teleýaýlymynyň Paýhas synagynyň müdüri Aknabat Klyçewa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň il ýaşulysy Bazar Şallyýew gatnaşdy. Täsirli söhbetdeşlikde, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň binýadyny berkden tutan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýä nusgalyk alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa