Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan gelin-gyzlaryň waspy atly gepleşik.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular bilen bir hatarda gelin-gyzlara bagyşlap döreden ajaýyp şygyrlary aýratyn orun eýeleýär. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir. Magtymguly« Janyna degmez», «Durasyň geler» ýaly goşgularynda zenanlaryň asylly, mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edipdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan gelin-gyzlaryň waspy atly gepleşik ýazgy geçirildi. Gepleşigi Türkmenistanyň «Altyn asyr» teleýaýlymynyň Paýhas synagynyň müdüri Aknabat Klyçewa alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda şahyryň baý döredijiligi onda gelin-gyzlaryň waspy dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Öňdebaryjy zenanlarymyz, Akyldaryň şygyrlaryny dünýä ýaýmaga giň mümkünçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa