Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli baştutanlygynda Milli medeniýetimiz we sungatymyzyň şöhraty dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylhamyň tükeniksiz çeşmesi» ady bilen ussat suratkeş Mämmet Ýarmämmedowyň döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň döredýän eserlerinde halkymyzyň milli gymmatlygy we türkmeniň baý däpleri wasp edilýär.
Dünýä edebiýatynyň taryhynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň dürdäne many mazmuna ýugurlan şygyrlaryny miras goýan umumyadamzat şahyry Magtymguly Atamyzyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. 2024-nji ýylymyzyň hem „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýyly diýip atlandyrylmagynyň aňyrsynda hem umman ýaly giň many ýatyr.