Dünýä edebiýatynyň taryhynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň dürdäne many mazmuna ýugurlan şygyrlaryny miras goýan umumyadamzat şahyry Magtymguly Atamyzyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. 2024-nji ýylymyzyň hem „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýyly diýip atlandyrylmagynyň aňyrsynda hem umman ýaly giň many ýatyr. Dana akyldar Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatyň kämilleşmegine edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahsyýetdir. Durşy bilen akyla nakyla ýugurlan altyn setirler islendik ýaşdaky, islendik kärdäki adamlary ylaýtada ýaş nesilleri watançylyk ýokary ruhy ahlak düşünjelerinde terbiýelemekdäki orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli „Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny Atly amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi gurnaldy. Ajaýyp sergide halypa suratkeşleriň döreden täsin sungat eserleri sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaraly sergä gatnaşanlar Akyldaryň baý döredijiligni dünýä ýaýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýan edýärler.