«Ylhamyň tükeniksiz çeşmesi» atly döredijilik sergi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli baştutanlygynda Milli medeniýetimiz we sungatymyzyň şöhraty dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylhamyň tükeniksiz çeşmesi» ady bilen ussat suratkeş Mämmet Ýarmämmedowyň döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň döredýän eserlerinde halkymyzyň milli gymmatlygy we türkmeniň baý däpleri wasp edilýär. Olardan «Nagyş äheňleri» «Çölüň owazy» «Zenanyň häsiýeti» «Gündogar güli» atly eserleri özboluşly reňkleriň sazlaşygy bilen sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik sergisine gatnaşanlar Halypa şägirlik ýoluny dowam etmäge ajaýyp döredijilik sergilerini yzygiderli gurnap halkymyza şeýle-de doganlyk halklaryndan gelýän myhmanlara ýetirmäge giň ýollar açýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa