Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi” atly şygar astynda tanyşdyrlyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy“ ýylnyň her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp wakalara beýik ýeňişlere zähmet üstünliklerine beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa, muzeýiň Ylmy-barlag bölüminiň baş hünärmeni Nurýagdy Babaýew şeýle-de Medeni-aň bölüminiň bölüm müdüri Hallygözel Şanazarowa çykyş etdiler. Ussat muzeý hünärmenleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde muzeýleriň işlerini kämilleşdirmekde döwletli işleri amal edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa