“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly dürli ugurlarda ýeňişli menzilleri nazarlap, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has belende galdyryp, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ýyllaryň biri hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli çäreleriň, halkara bäsleşikleriň ençemesi geçirilýär. Indi her ýylyň 27-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen medeniýet, sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni döwlet derejesinde dabaraly bellenilýär. Medeniýet hepdeliginiň uly tutumlara beslenip toýlanmagy bu ulgamyň işgärlerine goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Medeniýet hepdeligini geçirmeklik hem ýurdumyzda däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu dabara mynasybetli “Milli medeniýetim – genji hazynam” atly sergi guraldy. Bu baýramçylyk sergimizde türkmeniň milliginiň gönezligi bolan el-işlerinden, däp-dessurlarynyň gözbaşy bolan egin-eşiklerden, zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserlerini synlamak bolýar. Gahryman Arkadagymyzy , Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban halkymyzy ýetip gelýän hünär baýramy bolan medeniýet we sungat işgärleriniň hemde Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!