Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri wasp etmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim paýhas-ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzda geçirilen bu bäsleşikde eminler tarapyndan jemi jemlenip, ýeňijilere Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuruldy. Bu bäsleşige gatnaşan myhmanlar şular ýaly ajaýyp bäsleşiklere gatnaşmaga döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler!