Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ösüp-özgerýän Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýar durmuşyny arzuw eden şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbiniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän duşuşyklar, sergiler, konferensiýalar, maslahatlar halka ýetirilýär.
Bu ugrunda uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Magtymguly Pyragynyň sungat giňişligindäki keşbi» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda, «Miras» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Aýnabat Orazowa, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nargül Ataşowa, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy Dürnabat Baýlakowa, şeýle-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň baş gaznalary goraýjy Mähri Atdaýewa dagylar çykyş etdiler.
Medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işleri mündan beýläkde rowaçlyklara beslensin!