Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ruhy isleglerine we barha ösýän medeni gyzyklanmalaryna, milli medeniýetimize we sungatymyzyň aýratynlyklaryny halka ýaýmaga zerur şertleri döredýär. Türkmen halkymyzyň taryhynda, medeniýetinde we sungatynda ajaýyp orun alan gadymdan galan ussat halypa suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp nakgaş eserleri uly gözellige mynasypdyr. Halkyň taryhy mirasynyň ýitip gitmezligi we milli özboluşlylygyny şöhlelendirmek üçin olary bir ýere ýygnap saklamak, goramak ylmy taýdan öwrenip, ýaş nesle ýetirmekdir. Medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýany, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi bölüminde ýerleşdirilen «Taryha siňen eserler» atly sergi geçirildi. Şeýle-de sergide «Oba gyzlary», «Oba peýzažy», «Pagta ýygymçylar» atly şekillendiriş sungaty eserlerimiz sergi bölümlerimiziň ajaýyp bezegi boldy.