Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew medeniýetiniň sungatdaky keşbi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik.
«Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişine nazar aýlanymyzda Änew topragynyň baý taryhy bolup, taryhçy alymlaryň çaklamagyna görä, Änew şäheri özüniň gadymylygy bilen dürli atlara eýe bolupdyr. Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe boldy. Bu taslama her ýylda türki dili ýurtlaryň dürli şäherlerinde geçirilmek bilen halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew medeniýetiniň sungatdaky keşbi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige muzeýimiziň hunärmenleri gatnaşdylar we söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Çykyş eden hünärmenlerimiz türkmeniň taryhyny, medeniýetini, sungatyny düýpli öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.
Ýerine Ýetiren
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri.
Güljeren GULJAÝEWA,