Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli « Gülleýär, gül açýar, eziz Watanym » atly sergi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän bu günki gün hem, däp boluşy ýaly Garaşsyzlyk baýramçylygyny belläp geçýär. Garaşsyz diýarymyzdaky tanymal nakgaş, heýkeltaraş ussatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerini synlap bilersiňiz. Türkmenistanyň ösüş ýoluny, ykdysadyýetde ýeten sepgitlerini, türkmen halkynyň baý medeni taryhy gymmatlyklaryny açyp görkezýän bu sergide Tamara Kiselýowanyň «Milletiň gülleýşi», Martiros Sarianyň «Miweler we gök önümler», Ogulnäzik Ummadowanyň «Güller», Merdan Kakabaýewiň «Güller we saz gurallary» ýaly owadan reňkleriň sazlaşygynda çekilen eserleri görmek bolýar. Nurat Hojagulyýewiň hem «Molla Töre ahun» eseri janly reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetirilip görenleri haýrana goýýar.
Mukaddesligiň aýasynda, Ata Watanyň saýasynda toýlanýan şanly toýuňyz gutly mübärek bolsun! Garaşsyzlygymyzyň gül gadamynda gülläp gül açan eziz Watanymyzyň agzybir, il-ulusyna bagtyýarlyk we ruhubelentlik ýar bolsun! Garaşsyz türkmen halkyny, Hormatly Prezidentimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyz sag, işiňiz rowaç bolsun!
Ozalky sahypa Indiki sahypa