Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Döredijilik pursatlary» atly nakgaşçylyk we grafika eserleriniň sergisi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz we sungatymyz düýpli esasda öwrenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylymyzda mukaddes sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň ylham çeşmesinden dörän ajaýyp eserlerinden «Döredijilik pursatlary» atly nakgaşçylyk we grafika eserleriniň sergisi guraldy. Ylham alýan gözelligini reňkleriň dilinde beýan etmek suratkeşe mahsus häsiýet.Ussadyň döreden nakgaş eserleri, Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Azadym hany» «Änewli Ysmaýyl Serdar» Türkmenistanyň halk ýazyjysy «Hajy Ysmaýylowyň» kompozitor «Rejep Allaýarowyň» «Aly Enweriniň» ýaly halkymyzyň şöhratly taryhynda yz goýmagy başaran beýik şahsyýetleriň portretlerini döretmek bilen olaryň atlaryny ebedileşdirmäge ýardam berýär. Ajaýyp sergä gatnaşanlar şeýle-hem muzeý hünärmenleri milli şekillendiriş sungatymyzy ösdürmäge watanymyzyň gözelliklerini sungat eserlerinde wasp etmäge giň ýollar açýan Hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlaryny aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!