«Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy, köňüller buýsanjy-dana Pyragy» atly göçme sergi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly Pyragynyň çuň paýhasly goşgulary ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, hormat goýmak belent adamkärçilik ruhynda terbiýelemekde aýratyn orna eýedir. Aşgabat şäheriniň 57-nji orta mekdebinde «Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy, köňüller buýsanjy-dana Pyragy» atly göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baý gaznahanalarynda saklanylýan ajaýyp sungat eserleri öz mynasyp ornuny tapdy. M. Kakabaýewiň. «Gözellik», O. Ummadowanyň «Güller», G. Annamyradowa. «Garagumda düýeler», M. Myradowyň «Magtymgulynyň heýkeli » Ş. Babaýewa «Şygyrýet güni » atly eserler sergini synlan halypa mugallymlarda şeýle- hem bagtyýar mekdep okuwçylarynda ýakymly duýgulary döredýär. Ýaşlar bagtyýarlygyň goýnunda okamaga döretmäge giň ýollar açýan Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler