Hasyl toýy mynasybetli «Ülkämiň toý saçagynda» atly baýramçylyk sergi.
«Ýazky hereket-güýzki bereket» diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu gün ajaýyp toýa topraga eden yhlasyna, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen toý sowgatly gelýärler. Bu toý bolçulygyň we berekediň toýy. Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ne «Ülkämiň toý saçagynda» atly baýramçylyk sergi guraldy. Ussat halypa suratkeşler Merdan Kakabaýewiň «Süýji gawun», «Ak bugdaý», «Gulabylar we üzümler», Nikolaý Çerwýakowyň «Daýhanlar», «Säher» Aşyrjuma Nuryýewiň «Sandykgaçynyň almalary» şeýle-hem ökde heýkeltaraşlar , keramikaçylar Muhammet Ýüzbaşowyň «Hasyl baýramy» Alekseý Şetininiň «Harmanda», Welmyrat Jumaýewiň «Pagtaçylar», Akmuhammet Hydyrowyň «Ömür daragty» atly döredijilik miwesi bolan täsin sungat eserleri, sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döredýär. Muzeý hünärmenleri ajaýyp sergileri guramaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin ýurdumyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarny beýan edýärler.