«Abadan, Garaşsyz Bitarap Watan» atly sergisi

Çawy ýedi yklyma dolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň biri-birinden zyýada gelýän her bir güni toýdyr-baýramlara beslenip, türkmen halkynyň şöhratlary taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar. Medeniýet sungat dostluk köprüsini gurup, adamlara kalplary hemişe ýyladyp durjak mähir paýlaýar. Türkmen medeniýeti, sungaty, parahatçylygyň dost-doganlygyň owazyny dünýä ýaýýar. Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde halkara derejesinde giňden bellenilýär. Garaşsyz Watanymyzyň Hemişelik Bitaraplyk hukuk binýadyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Abadan, Garaşsyz Bitarap Watan» atly sergi guraldy. Parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasyny alamatlandyrýan Halkara Bitaraplyk güni Zeminiň nurana geljeginiň bähbidine halklary jebisleşdirýär. Hut şeýle ýörelgeler şu günki baýramçylyk sergimizdäki ajaýyp döredijilikli sungat eserlerinde beýan edilýär.
Ozalky sahypa Indiki sahypa