“Eziz Watanymyň ajaýyp barlygy, Bagtyýar zenanlar bagtly zenanlar”

2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmen döwlet Maliýa institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Eziz Watanymyň ajaýyp barlygy, Bagtyýar zenanlar bagtly zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady. Sergide Ý.Grişiniň, Ç.Saryýewiň, A.Kuliýewiň, G.Babikowyň başga-da birnäçe ussat suratkeşleriň eserleri sergilendi.
Ozalky sahypa Indiki sahypa