ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli gurnaýan göçme sergileriniň biri hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowanyň, «Ýaş nesil», Ý.Annanurowyň «Tikinçiler», G.Babikowyň «Siren», A.Ataýewiň «Gopuzçy gyz», S.Muhammedowanyň «Tawus» ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergilendi.