Türkmen halky gadymdan bäri Nowruz baýramyny şatlyk-şowhun bilen belleýär. Nowruz baýramy bahar paslynyň gelmegi bilen janlanýan tebigat bilen birlikde adamlaryň hem ylhamy joşýar, täze pikirler döreýär, döredijilik işgärleriniň hem täze eserleriň döremegine getirýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Güneşli ülkäme bahar gelipdir» atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda görnükli yz galdyran suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserleri görkezildi. Sergide Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Amangül Ataýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa, esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow dagylar çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.