Saglygyň we ruhubelentligiň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda saglyk maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkitmek üçin sportyň ähli görnüşlerini, saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Saglygym baýlygym» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň «Medeni gymmatlyklary we muzeý işi» kafedrasynyň dosenty, Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň mugallymy Göwher Saparmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Oguljan Berdiýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow gutlag sözleri bilen gutladylar. Biz ýurdumyzda türkmen ýaşlaryny sagdyn jemgyýetde ýaşatmak ugrunda alnyp barylýan beýik işlere diýseň buýsanýarys.