Toýly diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ähli künjeklerinde taýýarlyklar görülýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Belentde parlasyn, şöhratly tugum!» atly ajaýyp sergi gurnaldy. Sergide türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, häzirki bagtly durmuşy suratlandyrylan eserler görkezilýär. Parahat asmanda parlaýan baýdagymyzy eserlerde görkezmek bilen suratkeşler häzirki parahat durmuşymyzy açyp görkezipdirler. Ýurdumyzda bellenip geçilýän her bir baýramçylyk mynasybetli gurnalýan sergilerde ussat suratkeşleriň eserlerinde ýüregiňi joşdurýan, buýsandyrýan we galkyndyrýan eserleri synlap bolýar.