Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýanyň özboluşly tebigatyny, gözel ýerlerini, italýan halkynyň medeniýetini we sungatyny beýan edýän «Alinary doganlary we häzirkizaman fotosuratlarynyň ussatlary» atly fotosergi gurnaldy. Sergi üç bölümden ybarat: peýzaždan, eserlerden we adamlaryň keşbinden. Her bölüm demirgazyk we günorta, şäher we oba, iş we dynç alyş, däp-dessurlar we täzelikler, jemgyýetçilik taryhy we Italiýa durmuşynda üznüksiz üýtgeşmeler tapgyrynyň üsti bilen açylýan taryhy, geografiki we çeper syýahatdyr. Sergi taslamasy ýurduň nähili özgerendigini, medeni gözýetimleriniň beýleki medeniýetleriň täsiri astynda üýtgändigini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Köp taraplaýyn Italiýany, bu ýurduň baýlygyny we ýaşaýşyny görkezmek üçin döredilen bu sergide dürli nukdaýnazardan düşürilen suratlary görmek mümkinçiligi bar.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri we Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, italýan medeniýetiniň köp sanly muşdaklary, paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar, hem-de serginiň çäklerinde simfoniki orkestriň sazlary ýaňlandy.