Mukaddes Garaşsyzlyga bagyşlanan göçme sergi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserdi geçirildi. Baýramçylyk konserdiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gaznahanasyndaky gymmatlyklardan düzülen göçme sergini gurnady. Sergide birnäçe ussat halypalaryň nakgaş, heýkel hem-de keramika eserleri A.Hajyýewiň «Mollanepesiň portreti», K.Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», Ý.Baýramowyň «Magtymguly Pyragy», A.Şetininiň «Mollanepes», A.Taganowyň «Bezeg güldan», M.Ataýewanyň «Hereket» ýaly birnäçe eserler sergide görkezildi.
Ozalky sahypa Indiki sahypa