Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň gurnamagynda “Watan goragy mukaddes borçdur” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide türkmen nakgaş eserlerinden halypa nakgaşçylar K.Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, B.Hudaýnazarowyň “Garlawaç”, Ý.P.Grişiniň “Natýurmort. Säher. Bägüller”, G.Babikowyň “Goragda. Pamir”, türkmen keramika sungaty eserlerinden M.Ataýewanyň “Agşam”, A.Taganowyň “Bezeg güldan”, S.Muhammedowanyň “Mukam”, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden A.Ataýewanyň “Gopuzçy gyz” ýaly birnäçe eserleri sergilendi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan myhmanlar döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Ozalky sahypa Indiki sahypa