Garaşsyzlyk baýramynda göçme sergi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisini gurnady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowanyň «Toý wagty», A.Hajyýewiň «Maşgala baýramçylygy», Saparmämmet Meredowyň «Türkmen ýaýlasynyň owazy», G.Nurlyýewyň «Jennet atlary», Ö. Mämmetnurowyň «Garader», T.Sähedowanyň «Desterhan» ýaly birnäçe ajaýyp eserler baýramçylyga has-da bezeg berdi.
Ozalky sahypa Indiki sahypa