Sentýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilýeti, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresi geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ussat senetçileriniň önümleriniň sergisi hem-de emin agzalaryna özleriniň täze biznes taslamalaryny we önümlerini hödürleýän maksatnamanyň on sany gatnaşyjysynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlara baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan myhmanlar döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.