Hatyra gününe bagyşlanyp «Gamly günler gaýtalanmasyn!» atly sergi

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen öz geçmişimizi ýatlamagymyza we taryhymyzy medeni mirasymyzy öwrenmegimize giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Her ýyl aýratyn ähmiýetli seneleri bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin mertlerçe söweşen meşhur şahsyýetleriň we gahrymanlaryň edermenlikleri ýatlanylýar. Ine, şu gün hatyra gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Gamly günler gaýtalanmasyn!» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy il sylagly ýaşuly Meredow Mälik aga, Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň uly ylmy işgäri Atakişiýewa Kümüş, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň esasy hünärmeni Muhammedowa Altyn dagy çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag we ömürleri uzak bolsun! Türkmenistan Watanymyz hemişe abadan we parahat bolsun! Türkmen milletimiziň gahrymançylykly taryhy biziň kalbymyzda baky ýaşasyn! Hatyra gününde öten-geçenleri ýatlap eden aýat-töwirleriňiz hak dergähinde kabul bolsun!
Ozalky sahypa Indiki sahypa