Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersiteti
“Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylan şanly ýyla bagyşlap, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergileri gurnaýar. Göçme sergileriň biri Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan taýýarlanyp Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetinde gurnaldy. Sergide türkmen nakgaş, keramika, heýkel we sowgatlyk eserleri Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Maşgala baýramçylygy”, Ý.Annanurowyň “Baýrak gazanan”, W.Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy”, H.Rejepowyň “Bathyz”, Ý.P.Grişiniň Natýurmort “Ir-iýmişli miwedan” ýaly birnäçe ajaýyp eserler görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň hünärmenleri we Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Sergä gatnaşan mugallymlar hem-de talyp ýaşlar halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.