Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin dünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen we tatarystan halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze derejä çykarylýar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda, taryhy köklerden gözbaş alýan medeniýetlerimiziň ýakynlygy, bizi ruhy taýdan hem ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň senetçi zenanlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar dostlukly halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar!