Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda „Saglyk“ Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak üçin gijelerini gündiz edip öz halal zähmetlerini gaýgyrman zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Ynsan saglygy gymmatly baýlyk” atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Halk suratkeşleriniň hem-de meşhur helkeltaraşlarynyň ajaýyp sungat eserleri ýerleşdirilen.
Berkarar döwletimizde asuda, parahat asmanyň astynda halkymyzyň bagtly ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda Türkmenistan döwletimizde adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşýan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ählisini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!