Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamy hem döwrüň ösen talabyna laýyklykda kämilleşýär. Halkyň aň-bilim düşünjesini, ruhuny kämilleşdirmäge gönükdirilen medeniyet we sungat ulgamynyň alyp barýan işi milletimiziň ruhy derejesini kesgitleýär. 2023-nji ýylyň 9-njy noýabryndaTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institudynda göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserlerinden A. Hajyýewiň «Mollanepes», M. Kakabaýewiň «Gulabylar we üzümler», Ý. Grişiniň «Güller», M. Ataýewanyň «Hereket» atly güldan eserleri sergilendi. Talyp ýaşlar dünýä ülüňlerine gabat gelýän ähli amatly şertleri bolan ýokary okuw jaýlarynda kämil bilim almaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.