Sergi

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri netijesinde ýurdumyzda ylym - bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ,,1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni'' mynasybetli ,,Bilim üstünligiň açarydyr'' atly sergi gurnaldy. Sergide ussat suratkeşler Ý.Adamowanyň ,,Birinji sentýabr'' , A.Hajyýewiň ,,Ilkinji mugallym'', D.Baýramowyň ,,Enegül mugallyma'', Ý.Daneşwaryň ,,Okuwçy gyzlar'' atly eserleri şeýle hem heýkeltaraşlaryň bilime degişli sungat eserleri sergilendi. Eziz diýarymyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede kämil bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza beýik işlerinde üstünlikler arzuw edýärler!
Ozalky sahypa Indiki sahypa