Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň gözel, tämiz duýgularyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Döwri döwranly Watan” atly gepleşikde tegelek stol ýazgysy geçirildi. Ýazgy “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi şol teleýaýlymyň redaktory Gurban Berdigurbanow alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýli Annamyradowa, Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň I-derejeli kitaphanaçysy Bägül Gurbandurdyýewa dagylar gatnaşdylar. Gepleşikde beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýesi hem-de akyldar şahyryň döredijiligi, edebi-mirasy dogrusynda söhbet edildi. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur.