Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Ata watanymyzda diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen Döwlet Medeniýet institutynda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň nakgaş eserlerinden we keramika önümlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide A. Hajyýewiň „Magtymguly halk arasynda“, D. Polatowanyň „ Gözellik“, M. Kakabaýewiň „Ýedigen“, Ý. Adamowanyň „Dutar hakda söhbet“, A. Taganowyň „Seýitjemaleddiniň ýadygärligi“ atly ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Sergi talyp ýaşlarda we sergini synlanlarda uly täsir galdyrdy. Talyp ýaşlar ylym-bilim almaga döredijilik bilen meşgullanmaga döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlarny beýan edýärler.