Tele ýazgy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirlen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly XXVIII ýyllygy mynasybetli tele ýazgy söhbetdeşligi geçirildi. Tele ýazgy söhbetdeşligini alyp baran Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby „Altyn Asyr“ Türkmenistan teleýaýlymynyň alyp baryjysy Sähra Nurjanowa. Söhbetdeşlige gatnaşanlar, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Güljeren Çaramanowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş muzeý işi kafedrasynyň Müdiri uly mugallym Maral Hojagulyýewa gatnaşdylar. Ýürekleri Watan söýgüsinden doly zenanlarymyz Garaşsyz döwletimiz, Baky Bitaraplygymyzyň beren miweleri Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda täsirli söhbetler etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň zenan kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa