"Gurjaklar we oýnawaçlar dünýäsi" atly sergi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ussat suratkeşleriň we amaly-haşam ussatlarynyň döredijilik eserleri baýramçylyk sergilerini bezeýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan amaly haşam ussatlarynyň gatnaşmagynda sergi gurnaldy. Sergide türkmen halkymyzyň waspy jemlenen ajaýyp gurjaklaryň we arçanyň bezegi bolan oýnawaçlary sergilenýär. Nagyşlar we el işleri bilen bezelen gurjaklar sergide ähmiýetli orun eýeleýär. Täze ýyl baýramynyň şatlykly-şowhunly geçmegi üçin çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýatlama galdyrjak önümler serginiň gözelligini has-da artdyrýar. Ussat suratkeşleriň zehin yhlasyndan kemala gelen eserler tomaşaçylarda ajaýyp täsir galdyrýar. Sergä gatnaşanlar halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa