Garaşsyz, asuda diýarymyzyň her bir güni uly ösüşlere zähmet üstünliklerine beslenýär. Munuň özi ýurdumuzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýän hakykatdyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli „Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun“ atly tele ýazgy söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran „Altyn asyr“ Türkmenistan teleýaýlymynyň redaktory Gurban Berdigurbanow, Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanyň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň bölüm müdiri Maýa Akmämmedowa, Milli goşun žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bölüm müdüri Jahan Gulhanowa, Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Dürnabat Baýlakowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni Aýgül Bekmiýewa gatnaşdylar. Öňdebaryjy hünärmenler halkymyzyň röwşen geljegine gönükdürilen beýik işleri amal edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.