Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Diýara ýaň salýar çaga gülküsi» atly sergi

Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, baýramçylyk, konsertler, bäsleşikler hem gurnalyp çagalaryň wagtyny şatlyk-şowhun bilen bellemekleri üçin taýýarlyklar görülýär. Türmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Diýara ýaň salýar çaga gülküsi» atly sergi gurnaldy. Sergide erkin döredijilik ussatlary tarapyndan dürli görnüşli miniatýura eserleri, dokma önümlerden ýasalan gurjaklar we oýnawaçlar, kädiden ýasalan gurjaklar, dürli gaşlar bilen bezelen bilezikler görkezilýär. Mundan başga-da sergä gelen çagajyklaryň wagtyny şadyýan geçirmekleri üçin kagyzdan ýasalan applikasiýalar, origami, ''motonki'' gurjaklary, gipsde surat çekmek, akwarel reňkler bilen bezelen monjuklardan düzülen bilezikler we örme bilen ussatlyk sapaklary geçirildi. Çagalaryň dünýä garaýyşlaryny has-da giňeltmek üçin döredijilik bilen meşgullanmak, el-işleri döretmek has-da ähmiýetlidir.
Ozalky sahypa Indiki sahypa