Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere toýdur baýramlara beslenýär. Nur çaýyp dogýan tylla gün ynsanlara bagtyýarlyk eçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar döwletiň asuda diýaryň bagytly zenanlary durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda innowasiýa, tahnologiýa, bilim, işewerlik, metbugat we saglygy goraýyş şeýle-de ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekip gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Her ýylyň mart aýynyň 8-ne Halkara zenanlar güni ýokary derejede bellenip geçilýär. 2024-nji ýylyň 7-nji martynda, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, baýramçylyk dabarasy mynasybetli göçme sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanasynda ýerleşdirilen sungat eserlerinden Grişin Ý.P «Güller», Arzuw Rustamowa, «Zenan arzuwy», Çaryýarowa Tawus, «Bägüller», Oraznepesow Oraznepes, «Sazlaşyk», O.Hezretkulyýewa, «Ak şäherime gezelenç», atly ajaýyp işleri sergilendi. Bagtyýar zenanlar türkmen zenanlarynyň sarpasyny belentde tutýan Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.