Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar döwletiň bagytly zenanlary durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda innowasion, tehnologiýa, bilim, işewürlik, metbugat we saglygy goraýyş şeýle-de ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekip gazanýan üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „ Halkara zenanlar güni mynasybetli „Gözelligiň gözbaşy Siz zenanlar!“ atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Baýramçylyk maslahaty „Altyn asyr“ Türkmenistan teleýaýlymynyň alyp baryjysy Oguljeren Çaryýewa alyp barydy şeýle-de Watan gazediniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa gatnaşdy. Öňdebaryjy zenanlarymyz zenan sarpasyny belentde tutýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän zenanlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdürilen döwletli işleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler.