Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Magtymguly Pyragy we milli miras» atly sergi.

Beýik akyldar şahyrymyz Pyragy hem özüniň çuň pelsepä ýugrulan şygyrlarynda türkmen halkynyň erkinligni, garaşsyzlygyny sarsmaz binýadyny arzuwlapdyr. Pragynyň arzuwlan döwletiniň binýady berkden tutuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylyklarynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň manyly setirleri bilen şirin şygyrlaryny miras goýan akyldar Magtymguly Pragynyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy we milli miras» atly sergi gurnaldy. Ajaýyp sergide Gündogaryň söz ussady dana akyldar Magtymguly Pragynyň çeper keşbi türkmen halkynyň milli şekillendiriş sungatynda we amaly-haşam sungatynda aýdyň şöhlelendirildi. Sergä gatnaşanlar şeýle-de muzeý hünärmenleri Pähim- Paýhas ummany Magtymguly Pragy ýylynda söz mülkiniň şasy söz ussadymyz Magtymguly Pragynyň baý döredijiligini wagyz etmäge täsin sungat eserlerinden sergileri gurnap halkymyza ýetirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa