Medeniýet we sungat IŞGÄRLERINIŇ we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gurnalan göçme sergi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaralary başlandy. Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň gerimli medeni-köpçülik çärelerine baý boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi öz göçme sergisini gurnady. Sergide Halypa suratkeşlerimiziň esasanda Annamämmet Hojanyýazowyň «Alty Garlyýewyň portreti», Berdiguly Amansähedowyň «Türkmenistanyň halk srtisti Atageldi Garýagdyýewiň portreti», Muhammetmyrat Goçmyradowyň «Türkmenistanyň halk artisti, sazanda Ata Ablyýewiň portreti», mundan başgada birnäçe heýkeltaraşlarmyzyň heýkelleri sergimizde sergilendi. Nurana eýýamymyzyň röwşen geljegine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Prezidentimizi, Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlmak bilen, olaryň janlary sag, başlary dik tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Ozalky sahypa