Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy.
Ata Watanymyz adamzadyň maddy we ruhy medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna şol bir sanda söz sungatynda edebiýatyň taryhynda yz goýan beýik ýazjy, şahyrlaryň, akyldarlaryň ýaşap geçen mukaddes topragy. Ussat ýazjy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň 2-nji maýynda „Altyn asyr“ teleýaýlymy tarapyndan döredijilik duşuşygy ýazgy edildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Gahrymany, Şahyr Gözel Şagulyýewa gatnaşdy şeýle-de Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Bibisoltan Sähetgurbanowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Güljeren Çaramanowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Sähetgurbanowa gatnaşyp türkmen edebiýatynyň taryhyny döreden ajaýyp eserleri baýlaşdyran görnükli söz ussatlarynyň, döredijiligini öwrenmäge wagyz etmäge, hakymyza ýetirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize zenan ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.