Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň» atly tegelek stol söhbetdeşligi.
Asly nurdan dörän bu mukaddes türkmen topragy türkmeniň beýik ogly dana Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Bu gün türkmen halky asudalygyň goýnunda bagtyýar ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ykbaly galkynýar, ýurdumyz gülleýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň iýun aýnyň 26-syna Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Guljaýewa Güljeren, Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Bekmiýewa Aýgül şeýle hem Çeperçilik dikeldiş bölüminiň bölüm müdüri Sähetgylyjow Söýün täsirli söhbetler etdiler, söhbetdeşligiň dowamynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen utgaşmagy dogrusynda, akylly şäheriň binagärlik aýratynlyklary şeýle-hem muzeýe tabşyrylan gymmatlyklar dogrusynda gyzykly gürrüňler etdiler. Öňdebaryjy hünärmenlere eziz diýarymyzy gülledip ösdürmekde halkymyzyň eşiretli ýaşaýşyna gönükdirlen beýik işleri durmuşa geçirýän, Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.