«Öten-geçenleri ýatlap...!» atly sergi.

Halkymyzyň baý geçmiş taryhyny onuň milli gymmatlyklaryny hem-de ruhy dünýäsiniň baýlygyny, däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda şeýle hem geljek nesillerimize geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsini birleşdirýän Hatyra gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde« Öten-geçenleri ýatlap...! » atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annamämmet Hojanyýazowyň «Betbagtçylyk», Şamuhammet Akmuhammedowyň «70-nji Bahar», Ýarly Baýramowyň «Hemme zat Front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin» hem-de Mommy Seýitmyradowyň «Eneler tyldaky gahrymanlar» atly heýkel eserlerinde öten-geçenlerimiziň ýowuz günlerinden pursatlar ussatlyk bilen şekillendirilipdir. Türkman halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadan, aýdyň geljegine gönükdürlen beýik işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris. Mukaddes türkmen topragyna parahatçylyk rowaçlyk ösüşler ýar bolsun!
Ozalky sahypa Indiki sahypa