Hatyra güni mynasybetli «Unudylmajak gün» atly söhbetdeşlik.

Öten-geçenleri ýatlamak türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda mähriban halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýup, nesilden-nesle geçirip gelýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň« Watan mukaddesligi»muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Unudylmajak gün» atly söhbetdeşlik geçirildi. Täsirli geçen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar inistitutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow şeýle hem «Watan mukaddesligi »muzeýiniň bölüm müdiri Ogulşat Dädebaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Halmyrat Orunbaýew çuň many-mazmuna ýugurlan söhbetler etdiler. Eziz diýarymyzy aýdyň ýollar bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz parahat, abadan bolsun!
Ozalky sahypa Indiki sahypa